Soňky habarlar

Arhiw

Dünýäde 3D printerde çap edilen ilkinji köpri açyldy

17:4818.07.2021
0
4609

Niderlandlaryň paýtagty Amsterdamda diňe jahankeşdeleri däl, eýsem, ýerli ilaty hem özüne çekýan täze bina açyldy. Ol 3D çap enjamynda gurlan köprüdir.

Poslamaýan polatdan ýasalan köpri printeriň kömegi bilen çap edildi we şäheriçi kanallaryň birinde oturdyldy. Uzynlygy 12,2 we ini 6,3 metre deň bolan täze gurnamany ýygnamak we ýerleşdirmek üçin alty aý gerek boldy.

Köprini ýasan MX3D kompaniýanyň baş direktory Giýs wan der Felden ony döretmek üçin gazy we adaty kebşirleýjini ulanandyklaryny, munuň kyn düşmändigini, ýörite enjama kebşirleýjiniň ukyplaryny ornaşdyrmagyň ýeterlik bolandygyny gürrüň berdi.

Täze köpriniň artykmaçlyklarynyň hatarynda ony zerur böleklerini täzelemegiň hasabyna abatlamagyň mümkindigi görkezilýär. Köpri şeýle hem üstüne düşýän agram, dartgynlylyk we golaý ýerdäki howanyň hili barada habar berýän duýduryjylar bilen enjamlaşdyrylypdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň