«Fakespot» «Apple Store»-den aýryldy

17:3718.07.2021
0
4868

«Apple» «Fakespot» goşundysyny öz dükanyna goşulmagyndan bary-ýogy bir aý soň ondan aýyrdy. Bu goşundy internetdäki önümler üçin berilýän synlary seljerýär, hakykylygyny barlaýar we olaryň arasyndaky galplyklary kesgitleýär.

«Amazon» kompaniýasy «Fakespot»-yň bazardan müşderileriň maglumatlaryny ogurlap biljekdiginden zeýrenenden soň, «Apple» bu karara geldi. Çünki «Amazon» goşundynyň müşderilere önüm barada ýalňyş maglumat berýändigini öňe sürýär. Bu bolsa satyjylaryň işine zyýan ýetirýär. Galyberse-de, «Fakespot»-yň ulanýan kody müşderileriň maglumatlaryny ýygnamaga we yzarlamaga mümkinçilik berýär.

Şeýle-de bolsa, «Fakespot»-yň döredijisi Saud Halifanyň aýdyşy ýaly, beýleki web saýtlardyr goşundylar, şol sanda «Amazonyň» özi hem müşderiler baradaky maglumatlary ýygnaýar. Ýöne «Fakespot» olary üçünji bir tarapa satmaýar.

Hatda goşundyny döredijiler ulanyjylaryň maglumatlaryny ogurlamaýandyklaryny öňe dürýär. Olar «Amazonyň» bu ýöňkemesini esassyz hasaplaýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň