Soňky habarlar

Arhiw

Iri magdançylar ABŞ-daky köne senagat kärhanalaryny satyn alýarlar

17:0417.07.2021
0
4482

ABŞ-ly magdançylar Tehasdaky, Kentukkidäki we Günorta Dakotadaky köne zawodlary we elektrik stansiýalaryny satyn alyp başladylar. Köne senagat desgalaryny ýapmak işleri ýurtda öňräkden bäri dowam edýär, ýöne olar terk edilmeýär we bu ýagdaý magdançylary özüne çekýär.

Şeýlelik bilen, «Core Scientific» ozal işlän «Lewis» zawodyny satyn aldy. «Greenidge Generation» kompaniýasy bolsa köne gaz elektrik stansiýasyny tutuşlygyna öz adyna geçirdi. Bu ýerde şeýle ýagdaýlar seýrek däl.

Munuň sebäbi Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň öňki senagat desgalarynyň köp mukdarda energiýa mätäçdigi we öndürijilik kuwwatynyň henizem işleýändigi ýa-da ownuk abatlaýyş işlerinden soň olaryň ýene-de işläp biljekdigi bilen baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda magdançylardan başga hiç kim beýle köp energiýa sarp etmeýär.

«Techcult.ru»-nyň habar bermegine görä, ýerli häkimiýetler täze statusda bolsa-da köne zawodlaryň «gaýtadan dogulmagyny» goldaýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň