Eýfel diňi dokuz aýlyk arakesmeden soň işe başlady

16:1717.07.2021
0
4805

Düýn, 16-njy iýulda Fransiýanyň esasy gözel ýerleriniň biri bolan Eýfel diňi baryp görmek isleýänler üçin uzaga çeken arakesmeden soň açyldy.

Günortan 14:00-da açylan diň 2020-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda koronawirusyň ýaýramagyna garşy göreş bilen bagly girizilen çäreleriň hatarynda ýapylypdy. Emma indiden beýläk Eýfele göýberiljek adamlaryň sany 50 göterim azaldylar, her gün 13 müň jahankeşde goýberiler. Esasy talaplaryň biri-de, ýaşy 18-den ýokary bolanlar sanitar rugsatnamasyny görkezmeli bolarlar.

Golaýda Fransiýada ýokanç bilen bagly ýurduň Prezidenti Emmanuel Makron bigiden çäklendirmeleri berkitmek barada yglan etdi. Olaryň hatarynda COVID-19 ýokanjyna garşy ýurduň lukmançylyk edaralarynyň ähli işgärleriniň, lukmanlaryň hökmany sanjymyny geçirmek, köpçülik ýerlerine we şäherara ulaglaryna rugsatnama düzgünini girizmek ýaly çäreler bar.

Makron şeýle hem ýagdaý ýaramazlaşan ýagdaýynda ählumumy sanjymyň girizilmek mümkinçiligi barada hem ýaňzytdy.

Häzirki wagtda Fransiýanyň ilatynyň 41 göterime golaýyna ýokanja garşy sanjym edildi. Pandemiýa döwründe Fransiýada ýokanç bilen kesellänleriň 5,8 million töwereklisi hasaba alyndy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň