Arhiw

«Turkish Airlines» Türkmenabatdan Stambula ýörite uçuşy amala aşyrdy

11:4017.07.2021
0
13985

Türkiýäniň «Turkish Airlines» awiakompaniýasy Türkmenabatdan Stambul şäherine TK4907 belgili ýörite uçuşy amala aşyrdy. Bu barada «Atavatan Türkmenistan» awiakompaniýanyň Aşgabatdaky wekilhanasyna salgylanyp habar berdi.

Stambul halkara howa menziliniň onlaýn rejenamasyna görä, «Airbus A321-231» uçary şu gün ýerli wagt bilen 01:56-da Türkiýäniň iň uly şäherine gondy.

«Turkish Airlines» Türkmenistandan mundan ozalky ýörite gatnawy şu ýylyň 25-nji iýunynda amala aşyrypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň