Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Halkara IT Bilim akademiýasynyň nobatdaky açyk gapylar güni 30-njy iýulda geçiler

13:1116.07.2021
0
9218

Aşgabatda Halkara IT Bilim akademiýasynyň («IT Education Academy» ýa-da ITEA) nobatdaky açyk gapylar güni şu ýylyň 30-njy iýulda, sagat 18:30-da bolar.

Bu çäräniň äräniň maksatnamasy:

* ITEA taslamasynyň tanyşdyrylyşy;
* Mentoryň programmirleme ugrunyň artykmaçlyklary barada çykyşy;
* Öňdebaryjy IT hünärmeninden üstünlik hekaýasy;
* Türkmenistanyň taryhynda ilkinji «Hakaton» IT-marafonyna gatnaşyjylardan seslenme;
* bu çäre interaktiw arkaly isleg bildirenlere gatnaşmaga mümkinçilik döretmek;
* Torlaýyn aragatnaşyk — dabaraly agşamda işewürleriň sanly aragatnaşyk arkaly myhmanlar bilen rahat ýagdaýda gürleşip, pikir alyşmaklaryna giň mümkinçilik döretmek.

Çärä gatnaşmak mugt.

Belgi boýunça hasaba alyş: 210499.

Salgysy: Atamyrat Nyýazow şaýoly, TSTB-niň edara binasy, 8-nji gat.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň