Soňky habarlar

Arhiw

Magtymguly adyndaky TDU şu ýyl geçen ýylkydan 100 talyby kän kabul eder

11:2216.07.2021
0
4396

Häzirki wagtda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hünärmen maksatnamasy esasynda tölegsiz hem tölegli esasda jemi 14 ugur boýunça, şol sanda bakalawrlary we magistrleri taýýarlamagyň ugurlaryna-da dalaşgärler kabul edilýär. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Täze okuw ýylyndan bu ýokary okuw mekdebinde astronomiýa hünäriniň açylýandygyny-da aýtmalydyrys. Bu hünär boýunça 10 adam okuwa kabul ediler. Şeýle-de rus dili we edebiýaty fakultetine 25 adamyň artyk alynjakdygyny bellemek gerek. Geçen okuw ýylynda talyplyga kabul edilen ýaşlaryň sanyndan şu ýyl olaryň 100-e golaýynyň köpdügi has-da ýakymlydyr.

Netijede, täze okuw ýylynda bu baýry ýokary okuw mekdebine 1 müň 842 talyp kabul ediler. Häzirki günlerde ýurdumyzyň beýleki ýokary okuw mekdeplerine hem talyplyga dalaşgärleriň resminamalaryny kabul etmek boýunça işler gyzgalaňly alnyp barylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň