Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda bellige alnan onlaýn dükanlaryň sany 200-e ýetdi

18:5415.07.2021
0
10210

Türkmenistanda bellige alnan onlaýn dükanlaryň sany 200-e ýetdi. Bu barada Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesiniň resmi web sahypasy habar berýär.

Onlaýn dükanlaryň ýurdumyzyň sebitler boýunça paýlanyşy barada aýdylanda bolsa, Aşgabat öňde barýar. Türkmen telekeçileri ýurdumyzda öz hyzmatlarynyň geografiýasyny kem-kemden giňeldýärler.

Häzirki wagtda watandaşlarymyz 100haryt, Ynamdar, Giper, GetirTm we beýleki ykjam programmalary ulanyp önümleri sargyt edip bilýärler.

TSTB-niň resmi web sahypasynyň habaryna görä, 2021-nji ýylyň 1-nji iýulynda Türkmenistanda 4 million 630 müňden gowrak bank kartynyň bardygy mälim edildi. Bu bank kartlary hyzmatlar üçin töleg tölemeklige we internetden haryt satyn almaklyga mümkinçilik berýär.


Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň