Arhiw

«Ýaňlan, Diýarym! — 2021» telebäsleşiginiň Balkan welaýaty boýunça jemleýji tapgyry geçirildi

17:5314.07.2021
0
435
«Ýaňlan, Diýarym! — 2021» telebäsleşiginiň Balkan welaýaty boýunça jemleýji tapgyry geçirildi

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp, edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, şeýle hem zehinli çagalaryň, höwesjeň aýdymçylaryň arasynda yglan edilen Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym! — 2021» telebäsleşiginiň Balkan welaýaty boýunça jemleýji tapgyry Türkmenbaşy şäherinde şowhunly we täsirli geçdi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň täze öwüşginlerine beslenen bu bäsleşik zehinli ýaşlary ýüze çykardy. Açyk asmanyň astyndaky sahnada geçen bäsleşige welaýatyň etrap-şäherlerinden deslapky gözden geçirilişlerde saýlanyp alnan estrada aýdymçylarynyň 10-sy gatnaşdy.

Medeniýeti we sungaty belent ruhuň goşa ganatyna deňeýän Gahryman Arkadagymyzyň irginsiz tagallalaryndan ruhlanan balkanly ýaş aýdymçylar bu gezek hem jogapkärli bäsleşige has taýýarlykly gelendiklerini subut etdiler. Olar tomaşaçylardyr talapkär emin agzalarynyň öňünde çykyş edip, döredijilik ukyplaryny, zehin-başarnyklaryny görkezdiler. Ata Watanymyzy, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni, dost-doganlygy, erkana söýgini wasp eden joşgunly aýdymlar dowamly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.

Çekeleşikli geçen bäsleşige gatnaşan aýdymçylaryň ýerine ýetirijilik ussatlygy, sahna medeniýeti, aýdymlaryň döwrebaplygy, milliligi we çeperçilik derejesi emin agzalarynyň adalatly bahalarynda möhüm orny eýeledi. Bäsleşik welaýatda medeniýet we sungat ulgamynyň belent sepgitlere göterilýändiginiň aýdyň beýany boldy.

Eminleriň gelen netijesine laýyklykda, Magtymguly etrap medeniýet merkeziniň aýdymçysy Gurbangeldi Baýramdurdyýew we Esenguly etrap medeniýet merkeziniň aýdymçysy Dörtguly Kerimow «Ýaňlan, Diýarym! — 2021» telebäsleşiginiň welaýat tapgyrynyň ýeňijisi bolup, olar bäsleşigiň ýurt derejesinde geçiriljek jemleýji tapgyrynda çykyş etmäge hukuk gazandylar. Bäsleşige gatnaşyjylara we ýeňijilere hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar, gül desseleri gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň