Soňky habarlar

Arhiw

Ilkinji «Tecno Phantom X» telefonlary satuwa çykarylýar

09:3114.07.2021
0
5251
Ilkinji «Tecno Phantom X» telefonlary satuwa çykarylýar
www.mobiltelefon.ru

Şu ýylyň iýun aýynyň ahyrynda «Tecno Mobile» kompaniýasy ilkinji premium «Phantom X» smartfonyny çykardy. Bu barada «Tecno Mobile» kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi hyzmatdaşy — «Rysgal Kompýuter» dükany habar berdi.

«Phantom X» smartfonynda 256 GB gaty disk ýady (8 GB RAM), 6,7 dýuýmlyk Super AMOLED ekrany, FHD + durulygy we 90 Hz täzelenme tizligi hem-de aýna gaby (korpusy) bilen enjamlaşdyrylan MediaTek Helio G95 prosessor bar. 6,7 dýuýmlyk Super AMOLED ekranynyň täzeligi onuň gyzgyn aýnadan ýasalmagy bilen baglanyşyklydyr. «Phantom X smartfony barmak yzyny kesgitlemek ulgamyna hem eýedir. Bu modeliň tapawutly aýratynlygy kameralaryndadyr: esasy üç kamerasy 50 MP, öň tarapyndaky goşa kamerasy bolsa 48 MP.

«Phantom X» smartfonynda 33 Watta çenli örän tiz zarýad alýan 4700mAh akkumulýator, USB-C porty we gulaklyk dakylýan ýer bar. Bu smartfon birnäçe Afrika ýurtlarynda satylyp başlandy.

Ýakyn wagtda «Phantom X» akylly telefony Türkmenistandaky dükanlaryň tekjelerinde hem peýda bolar. Bu modeli, «Tecno Mobile» kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi hyzmatdaşy bolan «Rysgal Kompyuter» atly tehnologiýa enjamlary we elektronika dükanyndan satyn alyp bolýar. «Phantom X» akylly telefonlaryna, eýýäm türkmen müşderileriniň arasynda uly isleg bildirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň