Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrar

22:5513.07.2021
0
6910
Türkmenistanyň Prezidenti Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrar
Surat: tdh.gov.tm

Türkmenistanyň Prezidenti 13-nji iýulda Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda Balkan welaýatyna boljak iş saparyna görülýän taýýarlyk we saparyň meýilnamasy boýunça pikir alşyldy.

Döwlet Baştutany iş maslahatynyň gün tertibini yglan edip, onuň dowamynda degişli ýolbaşçylaryň öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnama we bu ugurda alnyp barylýan işler baradaky hasabatlaryny diňledi. Hasabatlarda bellenilişi ýaly, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleri amala aşyrmak ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işleri üpjün edilýär.

Bellenilişi ýaly, saparyň çäklerinde Jebel şäherinde täze howa menziliniň düýbüniň tutulyş dabarasy, şeýle-de welaýatyň merkezinde gurlan «Türkmeniň ak öýi» binasynyň açylyş dabarasy bolar.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän bu taryhy dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi, çäreler gatnaşýanlar üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi barada degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

«Türkmenportalyň» ozal habar berşi ýaly, täze howa menzilini Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesiniň öňki howa menziliniň çäginde gurmak meýilleşdirilýär.

«Türkmenhowaýollary» agentliginiň hünärmenleri tarapyndan işlenilip düzülen tehniki şertlere görä, howa menziliniň toplumy raýat awiasiýasynyň ähli talaplaryna laýyk gelýän ýolagçy terminalyny, uzynlygy 2700 metr we ini 45 metr bolan emeli uçuş-gonuş zolagyny öz içine alar.

​Şeýle-de okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň