Soňky habarlar

Arhiw

«Miweli ülke» hususy kärhanasy boş iş orny barada habar berýär

18:1113.07.2021
0
4528

«Miweli ülke» hususy kärhanasynyň alyp barýan işleriniň gerimi gün saýyn artýar. Häzirki wagtda kärhana birnäçe uly taslamalaryň üstünde işler alyp barýar. Şol taslamalaryň arasynda banan we pyrtykal ösdürip ýetişdirmek üçin 50 gektar meýdany eýeleýän täze ýyladyşhananyň gurluşygy hem girýär.

Şol sebäpden, kärhana alyp barýan gurluşyk işleri bilen baglylykda, hasapçy iş ornuny yglan edip, bu iş ornuna ýokary bilimi bolan, 25-40 ýaş aralygyndaky raýatlarymyzy işe çagyrýar. Bu kärhananyň gurluşyk taslamasynda hasapçy bolup işlemäge höwes bildirýänleriň gurluşykda azyndan 5 ýyl iş tejribesiniň hem-de hemişelik ýaşaýan ýeriniň Mary welaýaty bolmagy talap edilýär. Şeýle hem gurluşyk ugrunda zähmet çekjek hünärmen türkmen we rus dillerinden baş çykarmalydyr.

Has giňişleýin maglumat almak üçin şu telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz: +993 522 7-98-89/ +993 522 7-98-99

Işgärler bölümi: +993 64 57-54-08

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň