Soňky habarlar

Arhiw

Balkan welaýatynda «Türkmeniň ak öýi» binasy açylar

14:2813.07.2021
0
5715

Balkan welaýatynda «Röwşen» hususy kärhanasynyň gurluşykçy hünärmenleri tarapyndan gurlan «Türkmeniň ak öýi» binasynda gurluşyk işleri tamamlanyp, açylmana doly taýýar edildi.

Täze binada türkmenleriň binagärlik sungatynyň özboluşly däpleri we dünýäniň häzirki zaman binagärlik üstünlikleri özboluşly sazlaşýar. Binada türkmen öýlerine mahsus bolan milli nagyşlar, halylar we beýleki köp sanly bezegler ulanylypdyr. sazlaşdyrýar.

Baýramçylyk dabaralary üçin üç müň tomaşaça niýetlenen zalyň, döwrebap enjamlaşdyrylan sahnanyň we aýdym-saz tehnikalarynyň bolmagy binanyň ähmiýetini has-da artdyrýar. Şeýle-de täze binanyň ýanynda ýaşyl bagy-bossanlyklar we birnäçe ugurdaş desgalar bar.

Ýeri gelende bellesek, «Röwşen» hususy kärhanasy aýakgap önümçiligini ýola goýmak bilen birlikde, paýtagtda we welaýatlarda birnäçe gurluşyk taslamalaryny hem alyp barýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň