Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguzda köpugurly hassahana gurulýar

23:2612.07.2021
0
11936

Daşoguz şäherinde 450 orunlyk welaýat köpugurly hassahanasy gurulýar. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazeti habar berdi.

Lukmançylyk merkeziniň gurluşygy «Ajaýyp gurluşyk» hususy kärhanasy tarapyndan alnyp barylýar.

Täze bina aýratyn bloklaryň 8-sinden ybarat bolar. Onuň giň meýdanynda dünýädäki öňdebaryjy kompaniýalarynyň lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyryljak ýöriteleşdirilen we stasionar bölümleri, operasiýa otaglary, barlaghanalar, gan bankynyň jaýlary bar.

Şeýlelikde, bu hassahana demirgazyk sebitiň iň iri saglyk merkezleriniň birine öwrüler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň