Soňky habarlar

Arhiw

Kosmos jahankeşdeliginiň ilkinji uçuşy amala aşyryldy

19:4212.07.2021
0
5938

11-nji iýuda amerikaly milliarder Riçard Brenson jahankeşdelik maksady bilen gurduran ilkinji kosmos uçarynda äleme şowly uçuşyny amala aşyrdy.

Onuň “Virgin Galactic” kompaniýasynyň işläp düzen Unity-22 kosmos uçary Amerikanyň Nýu-Meksiko ştatyndaky kosmodromdan asmana göterildi, älem giňişliginiň Karman çägine ýetip, sag-aman ýere gondy.

Unity-22 kosmon uçarynda Brensondan başga-da, kompaniýanyň bäş işgäri— synagçy uçarmanlaryň ikisi, taslamanyň jogapkäri, baş inžener we astronawtlary uçuşa taýýarlamak boýunça maksatnamanyň baştutany bardy.

Ýeri gelende aýtsak, başga bir millarder— işewür Jeff Bezosyň “Blue Origin” kompaniýasy hem 20-nji iýulda kosmosa ilkinji jahankeşdelik uçuşyny amala aşyrmakçydygyny yglan edipdi. Bezosyň pikiriçe, bu uçuş dünýä taryhynda şeýle maksatly ilkinji uçuş bolmalydy, emma Brensona ondan öňürtmek başartdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň