«Bir Kuwwat» hususy kärhanasy bilen «Hytaý-Türkmenistan» medeni merkezi bilelikdäki hyzmatdaşlyga başladylar

17:2712.07.2021
0
6081

«Bir Kuwwat» hususy kärhanasy bilen «Hytaý-Türkmenistan» medeni merkeziniň arasynda özara hyzmatdaşlyk we bilelikdäki işler baradaky şertnama gol çekildi hem-de bu ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösmegine esas döredildi.

Taraplar özara hyzmatlary ýola goýmak, maglumat alyşmak, bilelikdäki taslamalara gatnaşmak, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça türkmen-hytaý gatnaşyklaryny berkitmek, ulag-logistika we söwda pudaklaryndaky işleri gowulandyrmak barada ylalaşdylar. Şeýle hem himiýa, ýeňil we agyr senagat pudaklarynda, ylym-bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek barada şertnamalar baglaşdylar.

Hytaý Halk Respublikasynda Türkmenistanyň ilçihanasy hem-de «Jilin SHENGSHI TOTEM Horse Culture Co.» kompaniýasy tarapyndan 2020-nji ýylyň mart aýynda türkmen-hytaý ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny pugtalandyrmak we ösdürmek maksady bilen «Hytaý-Türkmenistan» medeni merkezi esaslandyryldy. Bu medeni merkez ikitaraplaýyn medeni çäreleri çuňlaşdyrmak, wekilýetleriň özara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak, döredijilik forumlaryna we Türkmenistanyň sergilerine gatnaşmak babatda örän uly işleri alyp barýar.

Hytaýyň «Jilin SHENGSHI TOTEM Horse Culture Co.» kompaniýasy öz hususy athanasyna ahalteke atlaryny goşmaklyk bilen tohum atlary köpeldýär. Bu kompaniýa, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy we Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy bilen uzak möhletleýin gatnaşyklar ýola goýdy hem-de arassa tohumly ahalteke atlary bilen türkmen alabaý itlerini köpeltmek we dünýäde giňden ýaýratmak ugrunda uly tagalla edýär.

2019-njy ýylda HHR Türkmenistanyň ilçihanasy bilen bilelikde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlary we «Türkmen jigitleri» toparlarynyň Hytaýa bolan gezelenjini gurady.

Ýurdumyzyň ulag-logistika ugry boýunça milli hususy kärhanasy bolan «Bir Kuwwat» şereketi Türkmenistanda we daşary ýurtlarda haryt daşamagy guramak üçin giň hyzmatlary hödürleýär.

«Bir Kuwwat» hususy kärhanasynyň başlangyjy bilen Türkmenbaşy portundan Aktau (Gazagystan) portuna çenli, soňra bolsa demir ýoly arkaly Horgos (HHR) serhet stansiýasyndan Hytaý Halk Respublikasynyň uly port stansiýalaryna çenli bolan ulag ýollary özleşdirildi.

«Bir Kuwwat» hususy kärhanasy dürli görnüşli harytlary gara ýol, demir ýol we deňiz ulaglary bilen daşamagy gurnaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň