Soňky habarlar

Arhiw

«Altyn asyr» futbol topary türgenleşik işlerine başlady

23:5910.07.2021
0
5272

Bassyr 7 gezek futbol boýunça Türkmenistanyň çempiony adyna mynasyp bolup, Türkmenistanyň taryhyna giren «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Altyn asyr» futbol toparynyň şu gün tomusky dynç alyşdan çykyp, täze möwsümiň öňüsyrasy türgenleşik işlerine başlady. Bu barada «Altyn asyr» fubol klubynyň metbugat gullugy habar berýär.

Toparynyň baş tälimçisi Ýazguly Hojageldiýew ilki bilen tälimçiler düzümi we oýunçylar bilen gürrüňdeşlik geçirdi. Soňra bolsa, ähli oýunçylaryñ gatnaşmagynda türgenleşik futbol meýdançasynda ýeňil görnüşinde türgenleşik işleri geçirildi.

Türgenleşik tamamlanandan soňra, toparyň ýarymgoragçysy Begmyrat Baýowyň şu hepde-de geçen doglan günini ähli topar bilen bilelikde şatlykly ýagdaýda gutlanyldy.

2021-nji ýylyň Ýokary liga futbol klublarynyň arasyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň we Türkmenistanyň Kubogynyň iýul-awgust aýlarynda badalga berilmegine garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň