Arhiw

Özüňi Ilon Mask ýaly duýmak üçin...

15:5011.07.2021
0
8094

Italiýaly programmaçy Nino Triwelli özüni milliarder Ilon Mask ýaly baý duýmak isleýänler üçin ýörite simulýasiýa sahypasyny döretdi. Sahypa, takmynan 164 milliard wirtual dollar sarp etmegi teklip edýär. Döredijiniň pikiriçe, ähli emlägini nagt eden halatynda Maskyň bank hasabynda bolup biler.

Saýt onlaýn dükan görnüşinde ýasaldy, bu ýerde smartfonlardan we abunalardan başlap, dürli zatlary onlaýn satyn alyp bolar. Aslynda, bu harytlary hiç kim satanok, sahypa diňe Ilon Maskyň näçeräk pulunyň bardygyny görkezýär. Abstrakt sanlar bolsa hakyky zatlardan has gowşak göz öňüne getirilýär diýip, «ferra.ru» tarapyndan habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň