Kubada koronowirusa garşy ýerli waksina ulanylyp başlandy

15:2811.07.2021
0
3468

Kubanyň ýolbaşçylary ýurtda işlenip taýýarlanan «Abdala» atly waksinany koronowirus ýokanjyna garşy gyssagly ulanyp başlamaga rugsat berdiler.

Kubanyň Genetiki inženerçilik we biotehnologiýa merkezi tarapyndan işlenip düzülen waksina synaglarda COVID-19 garşy 92 göterim täsir edýändigini görkezildi.

«Abdala» üç dozaly waksinadyr. Kuba Derman serişdelerine gözegçilik merkezi onuň «hil, howpsuzlyk we netijelilik nukdaýnazaryndan talaplara laýyk gelýändigini» tassyklady.

Häzirki wagtda ýurduň alymlary COVID-19-a garşy waksinalaryň ýene-de birnäçe görnüşini taýýarlaýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň