Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmäge goýulýan serişdeler artdyrylar

23:5109.07.2021
0
2054

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň birinji ýarymynyň jemlerine bagyşlanan giňişleýin mejlisinde ýurduň ykdysady we maliýe durnuklylygyny üpjün etmek, ilatyň iş bilen üpjünçilik derejesini ýokarlandyrmak, göni daşary ýurt maýa goýumlarynyň möçberini artdyrmak möhüm ugurlaryň hatarynda görkezildi.

Şu meseleler we ýurdumyzyň eksport mümkinçiligini ýokarlandyrmak, walýuta serişdeleriniň gelip gowuşmagyny üpjün etmek, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak häzirki döwürde ähli ýolbaşçylar üçin ileri tutulýan ugurlar bolmagynda galýar diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi.

Esasy zat bolsa bilim ulgamyny ösdürmäge köp möçberde serişde goýulmalydyr diýip, döwlet Baştutany sözüni dowam etdi. Ýokary girdejili döwletleriň hataryna üstünlikli geçen ýurtlaryň öz bilim ulgamyny ösdürmek üçin ep-esli serişde goýberendigini halkara tejribe görkezýär. Hökümetiň bilim babatda strategik işleri çaltlandyrmagy we amala aşyrmagy Garaşsyz döwletimiziň dünýä giňişliginde bäsdeşlige ukyply ykdysadyýete goşulmagy üçin esas döreder diýip, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Dürli derejedäki bilim ulgamy bilen zähmetiň arasynda ylalaşylan okuw maksatnamalaryna döwlet serişdeleriniň netijeli çekilmegi adam maýasyny we ilatyň hünär endiklerini ýokarlandyrar.

Bu çäreler ýurdumyzyň ykdysady ösüşi, dünýä ykdysadyýetine mundan beýläk-de goşulmagy üçin esaslary üpjün eder. Şeýle hem zähmet bazarynyň talaplaryny hasaba almak bilen, gowy taýýarlanan raýatlaryň girdejileriniň artmagynyň hasabyna durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna şert döreder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň