Soňky habarlar

Arhiw

Hytaýa satylýan türkmen gazyndan alynýan girdeji döwlet gaznasyna gönükdirilýär

23:5009.07.2021
0
1003

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Hökümetiň şu gün geçirilen giňişleýin mejlisinde Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisini gurmak üçin alnan karz serişdeleri boýunça hem öz wagtynda Hytaý bilen hasaplaşygyň geçirilendigini aýtdy.

― Häzirki wagtda tebigy gazy satmakdan alynýan girdeji döwletiň gaznasyna gönükdirilýär ― diýip, milletiň Lideri belledi.

Şeýle hem döwlet Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek boýunça syýasat hem bellenilen meýilnamalara laýyklykda dowam edýär. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy, şeýle hem beýleki sebit taslamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň