Ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistanda JIÖ-niň ösüşi 6,1 göterim möçberinde saklandy

23:4809.07.2021
0
1041

Türkmenistanda şu ýylyň birinji ýarymynda jemi içerki önümiň ösüşi 6,1 göterim möçberinde saklandy. Bu barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Hökümetiň şu gün geçirilen giňişleýin mejlisinde aýtdy.

Döwlet Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, ýurtda ygtybarly salgyt-býujet we pul-karz syýasaty goldanylýar, hususy we döwlet üpjünçilik ulgamlaryna goýulýan maýa goýumlarynyň möçberi barha artýar.

Senagat hem-de durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy giň gerim bilen dowam etdirilýär. Häzirki döwürde umumy bahasy 37 milliard amerikan dollaryndan hem köp bolan 2,5 müňe golaý iri desganyň gurluşygy alnyp barylýar.

Oba milli Maksatnamasyna laýyklykda, hasabat döwründe ýurdumyzda 1 milliard manatdan hem köp möçberde düýpli maýa goýumlary-da özleşdirildi diýip, milli Liderimiz geçen ýarym ýylda 32 sany iri desganyň, meýdany 325 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlarynyň, şol sanda umumy bahasy 640 million manatdan hem geçýän, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň gurlup, ulanmaga berlendigini kanagatlanma bilen belledi.

Senagat desgalary, ýaşaýyş jaýlary, çagalar baglary, mekdeplerdir dükanlar we beýleki desgalar göz öňünde tutulan möçberde işe girizildi. Bir million 400 müň tonna bugdaý hasyly ýygnalyp alyndy. Bu bolsa ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň