Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda bilim ulgamyny özgertmek boýunça nobatdaky çäreler geçiriler

23:4609.07.2021
0
1976

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýylyň birinji ýarymynyň jemlerine bagyşlanan mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow «Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine giriş synaglaryndan başga-da, täze okuw ýylyna hem gowy taýýarlyk görüp başlamaly. Orta we ýokary okuw mekdeplerinde ýeňil, düýpli abatlaýyş işlerini geçirmeli. Sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde çagalaryň tomusky dynç alşyny talabalaýyk guramaly» diýip, bu barada degişli ýolbaşçylara tabşyryklary berdi.

Hökümetiň bilim işgärleri bilen geçiriljek maslahatyna gowy taýýarlyk görmek meselesine aýratyn üns berildi. Bu maslahatda bilim ulgamyny özgertmek boýunça nobatdaky çärelere serediler.

Şeýle hem ýokary okuw mekdeplerine kabul ediş synaglaryna jemgyýetçilik gözegçiligini üpjün etmek, şeýle hem ähli mekdeplerde sanly ulgam boýunça täze okuwlary geçirmäge taýýarlanmak tabşyryldy. Bu işde esasy orun Ylymlar akademiýasyna degişli bolmalydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň