Soňky habarlar

Arhiw

“Täze Hyzmat” kärhanasynyň yglan eden bäsleşiginiň möhleti uzaldylýar

13:2110.07.2021
0
4474
“Täze Hyzmat” kärhanasynyň yglan eden bäsleşiginiň möhleti uzaldylýar

Ozal hem habar berşimiz ýaly, «Täze Hyzmat» hususy kärhanasy alyp barýan işlerine täze ekologiýa resminamlaryny taýýarlap bermek hyzmatyny girizendigi sebäpli bäsleşik yglan etdi. Bäsleşige gatnaşmak üçin «Täze Hyzmat» hususy kärhanasynyň taze_hyzmat_consulting instagram sahypasyna ýazylmak we ekologiýa degişli suratlary hem wideolary düşürip taze_hyzmat@mail.ru salgysyna ugratmak ýeterlikdir.

Ýakynda bäsleşige gatnaşmak isleýänleriň sanynyň artýandygyny nazara alyp, kärhana bäsleşigiň dowam edýän wagtyna we ýeňijilere gowşuryljak sowgatlara üýtgeşmeleri girizdi. Şeýlelikde, bäsleşige ugradylýan suratlar we wideolar 31-nji iýula çenli kabul ediler. Şeýle hem ekologiýa ugurda has köp halanan (like alan) wideonyň ýa-da suratyň awtoryna ozal bellenilen 2000 manat baýragyň üstüne 500 manat goşulyp, ýeňiji 2500 manat pul baýragy bilen sylaglanar. Mundan başga-da «Täze hyzmat» kärhanasy tarapyndan ýeňiji üçin ýene-de bir goşmaça sowgat taýýarlanylýar.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň