Arhiw

“Microsoft” işgärlerine pul sylagyny belledi

16:2009.07.2021
0
3085

Amerikanyň “Microsoft” korporasiýasy özüniň işgärleriniň her birine üstümizdäki ýeňil bolmadyk ýylda ruhdan düşmän, yhlasly zähmet çekendikleri üçin 1,5 müň dollar möçberinde pul sylagyny belledi, bu barada ýurduň “The Verge 8” neşiri habar berdi.

Bir gezeklik pul sylagy korporasiýanyň ýolbaşçylarynyň işgärleriň bu özboluşly hem agyr ýylda çeken zähmeti üçin hoşallygynyň nyşany hökmünde berler. “Microsoft” korporasiýasynyň işgärler boýunça direktory Ketlin Hogan bu pul sylagynyň edaranyň ABŞ-daky we beýleki ýurtlardaky şahamçalarynda zähmet çekýän ähli işgärleri üçin elýeterli boljakdygyny wada berdi.

Pul sylagyny maliýeleşdirmek üçin “Microsoft” 200 million dollar möçberinde maýa sarp eder, bu edaranyň iki günlük girdejisine barabardyr.

Kompaniýanyň bütin dünýädäki işgärleriniň sany 175 508 adamdyr.

Ýeri gelende aýtsak, “Facebook” (1 müň dollar), “Amazon” (300 dollar), Beýik Britaniýanyň BT Group telekommunikasiýalar kompaniýasy (2 müň dollar töweregi) işgärlerini bir gezek sylaglamak hakda karara gelipdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň