Soňky habarlar

Arhiw

«Wozroždeniýe» rus kompaniýasy Aşgabatda sil suwlaryny sowujy desganyň täze tapgyryna başlady

23:5408.07.2021
0
1420

Russiýanyň «Wozroždeniýe» kompaniýasynyň Türkmenistandaky bölümi Aşgabatda sil suwlaryny sowujy desgalaryň toplumyny gurmak boýunça gazuw-agtaryş işlerini tamamlady we işiň ikinji tapgyryna başlady.

Geçen ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtyň günorta böleginde sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň taslamasyny taýýarlamak we gurmak üçin kompaniýanyň Aşgabatdaky bölümi bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berýän resminama gol çekdi.

Desga 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda tamamlanar.

Rus kompaniýasy 2009-njy ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistandaky şahamçasyny açdy. Geçen ýyllaryň dowamynda kompaniýa tarapyndan 25-den gowrak infrastruktura desgasy guruldy. Olaryň içinde ýollar, aýlawly ýollar we köprüler bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň