Şu gün Türkmenistanyň telekeçileri 2021-nji ýylyň I ýarym ýyly üçin hasaplaşyk döwrüniň başlanandygyny barada SMS habary aldylar.
SMS habaryň mazmuny:
"Hormatly S.Ataýew! Pensiýa gaznasynyň bölumi 2021 ý. I ý.ý. üçin pensiýa gatançlaryňyzy tölemegiňizi haýyş edýär! Tel: +99312922618"
Pensiýa gatançlaryny Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edarasynda plastik kartlary arkaly nagt däl görnüşünde töläp bilersiňiz.
Pensiýa gatançlaryny tölemek üçin hasaplaşyk döwrüniň başlanandygy baradaky bildiriş Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň web sahypasynda ýerleşdirilen.