Soňky habarlar

Arhiw

«Tiztapalda» öz hyzmatlaryny hödürleýän Aşgabadyň meşhur naharhanalarynyň sany artýar

09:2507.07.2021
0
11721

«Tiztapal» internet söwda meýdançasy öz müşderilerine fastfuddan başlap, taýýar milli tagamlara çenli sargyt etmegiň mümkindigini ýatladýar. Ol tagamlaryň arasynda has ekzotiki bolan suşiler, rollylar, italýan tagamlarydyr steýkler we beýlekiler bar.

«Tiztapal» bilen hyzmatdaşlyk edýän restoranlardyr kafeleriň sanawy hem yzygiderli artýar, mysal üçin, indi bu ýerde «Altyn çaýhana», «Salam fast food», «Horjun», «Chaplin», «Altyn açar» we «Novella food» ýaly belli naharhanalaryň tagamlaryny sargyt etmek mümkin.

Şunda hödür edilýän tagamlaryň görnüşleri tagamçyllaryň hem, çagalykdan bäri tanyş bolan ýönekeý tagamlary halaýanlaryň hem göwnünden turar.

«Tiztapal» herbap söwda onlaýn meýdança bolmak bilen, ol öýüňden ýa-da iş ýeriňden söwdalaşyklary amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

Egin-eşiklerdir durmuş himiýasyndan başlap, tehnikadyr öý üçin aksessuarlara çenli bolan harytlaryň dürli görnüşleri bu meýdançany özboluşly “telefon içindäki onlaýn söwda merkezine” öwürýär. Onuň «Market» bölüminde azyk önümleri, “Şoping”bölüminde bolsa senagat harytlarynyň dürli görnüşleri, ýagny çagalar we ulular üçin egin-eşikler, öý haýwanlary üçin harytlar, oýnawaçlar, mebeller, kosmetika, durmuş tehnikasy we başga-da köp sanly harytlar hödürlenilýär.

Mundan başga-da, häzirki wagtda täze bölümleri— “Gozgalmaýan emläk” hem-de “Syýahatçylyk” bölümlerini döretmegiň üstünde işlenilýär, olar golaý wagtda işe giriziler. Ýeri gelende, «Tiztapalyň» yzygiderli arzanlaşyklary we köpçülikleýin satuwlary geçirip durýandygyny bellemek gerek.

«Tiztapal» hem Android, hem IOS ulgamlarynda elýeterlidir. Onuň web nusgasy bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň