Soňky habarlar

Arhiw

«Nur Ýüpek» dükanlar zynjyry Gurban baýramy mynasybetli matalara arzanlaşyklaryň geçirýändigini habar berýär

13:1306.07.2021
0
15590

«Nur Ýüpek» ýüpek we bambuk matalaryň dükanlar zynjyry ýetip gelýän Gurban baýramy mynasybetli arzanlaşyklaryň hereket etjekdigini habar berdi.

Ýagny 10-20-nji iýul aralygynda Türkmenistanyň ähli künjeklerinde ýerleşýän bu söwda nyşanly dükanlarda matalary 10 göterim arzan bahadan satyn alyp bilersiňiz.

«Nur Ýüpek» söwda brendi türkmen zenanlarynyň arasynda giňden meşhur bolmak bilen, alyjylara tebigy süýümden dokalan matalaryň giň görnüşlerini hödürleýär hem-de yzygiderli arzanlaşyklary we köpçülikleýin satuwlary geçirýär.

Şeýle hem «Nur Ýüpek» ykjam goşundysy arkaly bu dükanlar ulgamyndan matalary satyn almak mümkin, şunda harydy Aşgabat şäheri boýunça mugt eltip bermek hyzmaty hem ýola goýlandyr.

Şeýle-de okaň:

Wideo:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň