Soňky habarlar

Arhiw

«Uploadcare»-da indi suratlary islendik ölçege getirip bolar

19:1605.07.2021
0
3252

«Uploadcare» wijet platformasyny döredijiler sosial tora baglylykda suratlaryň ölçegini üýtgetmäge mümkinçilik berýän täze «Pixelhunter» hyzmatyny hödürlediler.

«Pixelhunter» «Facebook», «Instagram», «TikTok», «Pinterest», «Twitter», «YouTube», «LinkedIn» ýaly dürli jemgyýetçilik ulgamlary, amaly programmalar, şeýle hem e-poçta habarlary üçin 102 ululygy goldaýar.

Ulanyjylar şekilleri redaktirlemek üçin awtomatiki maslahatlara hem girip bilerler.

2011-nji ýylda döredilen «Uploadcare» platformasy «Adaptive Delivery» tehnologiýasy bilen üpjün edilýär we bulut tehnologiýasyny saklamagy, wideolary, suratlary we beýleki faýllary gaýtadan işlemegi we ýüklemegi öz içine alýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň