Soňky habarlar

Arhiw

Rus startapçylary filme ys bermegi başardylar

16:2905.07.2021
0
3436

«Illusion» atly rus startapy filmlere tomaşa etmegi hoşboý ys bilen birleşdirmäge mümkinçilik berýän özboluşly tehnologiýany döretdi. «Illusion Aroma» diýlip atlandyrylýan tehnologiýa ýörite patronlary ulanyp, ekrandaky sahna baglylykda yslary sintezlemäge we ýaýratmaga mümkinçilik berýär.

«Ferra.ru»-nyň habar berişine görä, tehnologiýanyň işleýşi emeli intellekte esaslanýar.

Taslama häzirki wagtda prototip ýazmak tapgyrynda. «Illusion» startapy tehnologiýany şu aýyň ahyrynda patentlemegi meýilleşdirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň