Soňky habarlar

Arhiw

Kiprde tokaý ýangyny ýüze çykdy

15:5705.07.2021
0
3854

Kipriň günortasynda emele gelen güýçli tokaý ýangynlary eýýäm 50 inedördül kilometr meýdany eýeledi.

Arakapas sebitinde ýüze çykan ýangyn goňşy sebitlere-de ýaýrady. «RIA Nowosti»-niň habaryna görä, Kipr tokaý ýangynlary sebäpli ýüze çykan häzirki agyr ýagdaý sebäpli beýleki ýurtlardan kömek sorady.

Ýangynyň ýaýramagyna yssy howa we sebitdäki güýçli şemallar sebäp bolýar. Şeýle hem onuň sebäplerini derňemegiň çäginde 67 ýaşly bir adam tussag edildi. Kiprde rugsatsyz ot ýakmak düýbünden gadagan. Şeýdenlere 10 ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek ýa-da 50 müň ýewro çenli jerime salmak bilen jezalary garaşýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň