Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda gowaçanyň ýokary hasyl berýän ýerli sorty döredildi

11:3105.07.2021
0
1056

Gowaçanyň «Tohu-17» sorty «Gossupium hirsutum» görnüşine degişli bolmak bilen, görnüşiçre daşlaşdyrma usuly bilen döredildi. Gibridleşdirme 1996-njy ýylda Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkeziniň Ýolötendäki ylmy-önümçilik synag hojalygynyň (öňki Pagtaçylyk ylmy-barlag instituty) tejribe meýdançalarynda geçirildi ― diýip, «Bereketli toprak» gazeti habar berýär.

Bu sortuň ýönekeý gibridi institutda saklanylýan, «Hindistan» nusgawy sort bilen çylşyrymly gibridleşdirmeden döredilen «Li-8109» sorty özara çakyşdyrylyp alyndy. Soňra bu gibridiň 1-nji neslinde, önümçilikde giňden ekilýän gowaçanyň orta süýümli «133» sorty bilen gaýtadan çakyşdyrma geçirildi (F1(Hindistan x Li-8109) x 133). «Hindistan» süýüminiň ýokary çykymlylygy (40 — 41 göterime çenli), «Li-8109» süýüminiň ýokary hili (2 — 3-nji tiplere degişli), «133» bolsa ýokary hasyllylygy bilen tapawutlanýardy. Gibridleşdirme «Hindistan» nusgawy sortunyň ýokary süýüm çykymlylygyny, «Li-8109» sortunyň süýüminiň ýokary hilini we gozasynyň iriligini, «133» sortunyň ýokary hasyllylygyny bir sortda jemlemek maksady bilen geçirildi. Sortuň ilkinji saýlantgy ösümligi 2002-nji ýylda saýlanylyp alyndy. 2009 — 2010-njy ýyllarda ilkinji, 2011 — 2013-nji ýyllarda bäsleşik, 2014 — 2016-njy ýyllarda «Ýolöten-49» ady bilen döwlet sort synag meýdançalarynda, 2019 — 2020-nji ýyllarda bolsa, «Tohu-17» ady bilen (Tohu-Türkmen oba hojalyk uniwersiteti, 17 — 2017-nji ýyl) önümçilik şertlerinde giňden öwrenildi. Sort Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň 2021-nji ýylyň 17-nji aprelinde çykaran buýrugy esasynda önümçilige hödürlenildi.

Gowaçanyň «Tohu-17» sorty bäsleşik sort synagynda bol hasyllylygy, pagta süýüminiň inçeligi we uzynlygy bilen deňeşdirilýän «Ýolöten-7» sortundan tapawutlanandygy üçin döwlet sort synagyna kabul edildi. Döwlet we önümçilik sort synagynda öwrenilýän döwürlerinde sortuň hasyllylyk we süýüm çykymlylyk derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, goşmaça seleksiýa we tohumçylyk işleri hem alnyp baryldy. Bu işleriň netijeleri önümçilik synaglarynyň maglumatlarynda aýdyň görünýär. Mysal üçin, Ahal welaýatynyň Ahal ylmy-önümçilik synag hojalygynda ekilen 5 gektar meýdanyň her gektaryndan 28,2 sentner pagta hasyly alnyp, deňeşdirilýän «Ýolöten-7» sortunyňkydan 3,2 sentner artyk, pagta süýüminiň çykymy bolsa 2,3 göterim ýokary boldy. Süýümiň uzynlygy, inçeligi, berkligi boýunça hem «Tohu-17» sortunda artykmaçlyk bar. Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň «Atçapar» daýhan birleşiginde 10 gektar meýdanda geçirilen önümçilik synagynda «Tohu-17» sortunyň ekilen her gektaryndan 29,9, deňeşdirilýän «Ýolöten-7» sortundan bolsa 23,4 sentner hasyl alyndy. Aratapawut 6,2 sentnere deň boldy. Käbir kärendeçi daýhanlar ýokary hasyl almagy başardylar. Mysal üçin, Ilmyrat Bazarow gektardan 45,9, Maýa Myradowa 41,3, Gülnabat Meredowa 38,7 sentner hasyl aldylar. Bu synagda hem «Tohu-17» sorty gozasynyň iriligi, süýüm çykymynyň we hiliniň ýokarylygy bilen tapawutlandy. Mysal üçin, «Tohu-17» sortunyň 1 gozadaky pagtasynyň agramy 7,1 grama deň bolup, standart sortuňkydan 1,2 gram, süýüminiň çykymy 37,0 göterime deň bolup, standart sortuňkydan 1,6 göterim ýokary boldy. Süýümiň hili boýunça hem talabalaýyk netijeler alyndy.

Gowaçanyň «Tohu-17» sorty pagta arassalaýjy kärhanalaryň önümçilik synagyndan geçirilip, onuň süýüm we tohum çykymy kesgitlenildi. Netijede, täze sortuň süýüm çykymynyň «Ýolöten-7» sortunyňkydan, takmynan, 2,0 göterim töweregi artykdygy, tohum çykymynyň hem kada laýykdygy, ýagny, 57,2 — 59,1 göterime barabardygy hasaba alyndy. Pagta işlenende süýüm hiliniň zaýalanman öňküligine saklanýandygy hem mälim edildi.

Tohumçylyk işlerini ylmy esasda alyp barmak üçin sortuň daşky sypat we agrohojalyk alamatlaryny bilmek zerurdyr. «Tohu-17» sortunyň ösümligi şahaly, çugdam, üçburçluk (piramida) görnüşlidir, boýy 90 — 110 santimetr aralygydyr. Agrotehniki çäreler ýokary derejede geçirilende, 1 — 2 sany goşmaça hasyl berýän, ösüntgili (monopodial), şahalar emele gelýär. Ýapraklary orta ululykda, 3 — 5 ülüşli, çala bildirýän tüý örtükli, ýapraklylygy ortaça. Güli ortaça ululykda, solak sary reňkli, 5 sany gül ýapragy bar. Gülýany 3 sany, gümmez görnüşli, 9 — 11 sany dişli (kertikli). Baldagy berk, ýykylmazak, esasy baldagy ösümlik ýaş wagtynda ýaşyl reňkli, gozalary açylyp başlandan kem-kemden goňur reňke geçýär, çala bildirýän tüý örtügi bar. Birinji hasyl şahasy 4 — 5-nji bogunlarda emele gelýär, şahalardaky bogun aralary gysga bolup (2-nji görnüşe degişli), çugdamlygy emele getirýär, şeýle hem pagta hasylyny tehnikalar bilen ýygmaga amatlylyk döredýär.

Pagta süýümi ak, hili boýunça 4-nji derejä degişli. Bir gozadaky pagtasynyň agramy 7,0 — 7,2 gram, süýüminiň çykymy 36,5 — 37,0 göterime barabar. Çigidi iri, 1000 sanysynyň agramy 125 — 128 grama barabar, tüý örtügi çalymtyk ak reňkli.

Gowaçanyň orta süýümli «Tohu-17» sortunyň tohumy S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň okuw-tejribe hojalygynda we Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň S.A.Nyýazow adyndaky ylmy-önümçilik synag hojalygynda köpeldilip başlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň