Soňky habarlar

Arhiw

Geçen hepdede THÇMB-de daşary ýurt puluna baglaşylan geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 24 million dollaryndan gowrak boldy

23:2204.07.2021
0
4256

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Owganystanyň we Beýik Britaniýanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini hem-de polipropileni, Gonkongyň we Singapuryň telekeçileri bolsa degişlilikde polietileni we tehniki kükürdi satyn aldylar.

Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Azerbaýjanyň telekeçilerine tekiz boýalan we tüýjümek žakkard önümleri hem-de nah ýüplügi ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 24 million 168 müň dollaryndan gowrak boldy.

Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 5 million manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin bahasy ABŞ-nyň 50 müň dollaryna deň bolan portland sementini satyn aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň