Ýewropa Bileleşiginde bir gezeklik plastik gaplar gadagan edildi

20:0304.07.2021
0
4160

Ýewropa Bileleşigi tarapyndan oňa agza döwletlerde mundan beýläk bir gezeklik ulanylýan plastik gaplardan peýdalanmak doly gadagan edildi. Muny ÝB-niň daş töweregi goramak boýunça komissary Wirginiýus Sinkýawiçýus mälim etdi.

Aslynda, ÝB bu baradaky degişli Kanuny 2019-njy ýylda kabul etdi. Şol Kanuna laýyklykda, Bileleşik agza döwletlere 2021-nji ýylyň 3-nji iýulyna çenli ähli ýerlerden şeýle gaplary aýyrtmak boýunça tabşyryklary berdi. Şeýle hem olary öndürmek gadagan edildi. Şeýlelikde, ÝB-de soňky 12 aýyň içinde ozal öndürilen gaplar ulanyldy.

Anyk çeşmeleriň berýän maglumatlaryna görä, deňizlere we ummanlara zyňlan galyndylaryň 80 göterimi bir gezek ulanylýan plastik gaplardan ybarat. Bu bolsa ekologiýa we adam saglygyna uly howp ýetirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň