Soňky habarlar

Arhiw

Günorta Amerika polýar sowuk howa aralaşdy

17:5804.07.2021
0
5072

Demirgazyk Amerika aşa yssydan ejir çekýän bolsa, Günorta Amerika hakyky gyş geldi. Polýar sowuk tolkunyň gelmegi sebäpli, Braziliýa, Urugwaý, Argentina we Paragwaý ýaly döwletlerde howa diýseň sowady.

Termometrler käbir ýerde 15 derejede sowuk howanyň bolýandygyny görkezýär. Braziliýanyň käbir ýerlerinde bolsa gar örtükleri peýda boldy. «Euronews»-yň habaryna görä, sowuk howa ekerançylyga uly zyýan ýetirip biler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň