Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda gurluşykda nyrh ulgamyny kämilleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar

00:2504.07.2021
0
1441

Häzirki wagtda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanylan gurluşykda milli çykdajy-ölçeg binýadyny işläp taýýarlamak we nyrh emele getirmek ulgamyny kämilleşdirmek boýunça 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň meýilnamasyna laýyklykda, Gurluşyk we binagärlik ministrligi zerur kadalaşdyryjy hukuk namalaryny we beýleki resminamalary işläp taýýarlamak, olary degişli edara-kärhanalar bilen ylalaşmak we bellenen tertipde tassyklamak boýunça işleri alyp barýar. Bu barada wise-premýer Ş.Durdulyýew 2-nji iýulda geçirilen Hökümet mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.

Gurluşykda nyrh emele getirmek ulgamyny kämilleşdirmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, halkara bäsleşik yglan edildi hem-de ýeňiji kesgitlenildi.

Milletiň Lideri hasabaty diňläp, gurluşykda milli nyrh emele getirmek ulgamyny kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işleriň wajypdygyny nygtady. Türkmenistanyň Prezidenti bu ulgamdaky işleriň ýagdaýyny seljermegi dowam etmegi tabşyryp, bu ugurda uly tejribesi bolan daşary ýurt kompaniýalaryny çekmegiň zerurdygyny belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň