Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda käbir ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary düzümleýin üýtgediler

23:5003.07.2021
0
1352

Türkmenistanda ministrlikleri hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralaryny düzümleýin üýtgetmek boýunça geçirilen özgertmeleri nazara alyp, kiçi we orta telekeçiligi goldamak baradaky Döwlet toparynyň täze düzümini tassyklamak göz öňünde tutulýar. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň anna gününde geçirilen mejlisinde wise-premýer G.Müşşikow Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa habar berdi.

Şeýle hem wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Pudagara merkezi toparyň düzümine üýtgetmeleri girizmek hakyndaky teklibi hödürledi. Bu çözgüt döwlet emlägini hususylaşdyrmak işini kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ykdysady gatnaşyklary ugrukdyrýan kadalaşdyryjy hukuk namalaryny häzirki döwrüň ýagdaýyna laýyk getirmegiň ähmiýetine ünsi çekdi. Milletiň Lideri bu işler geçirilende, hereket edýän kanunçylyk namalarynyň düzgünleriniň göz öňünde tutulmagynyň zerurdygyny belläp, onda umumy kabul edilen halkara kadalara eýerilmelidigini aýtdy. Döwlet Baştutany wise-premýere bu meseleleri jikme-jik öwrenmegi, ony ugurdaş düzümler bilen ýene bir ýola maslahatlaşyp, işläp taýýarlamagy tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň