Türkmenistanda döwlet edara-kärhanalaryna ýer bölekleri berildi

23:3802.07.2021
0
5953

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew Hökümetiň 2-nji iýulda geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanyna ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek maksady bilen, gözegçilik edýän düzümlerinde ýer serişdelerini netijeli peýdalanmak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanynyň garamagyna ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, ýurdumyzyň häkimliklerine hem-de olaryň garamagyndaky edara-kärhanalara gurluşyk we önümçilik maksatly ýer böleklerini peýdalanmaga bermek boýunça Buýrugyň taslamasy hödürlenildi. Bölünip berlen ýerler häzirki zaman önümçilik desgalaryny, ýaşaýyş jaýlaryny gurmak, gurluşyk üçin çig mal serişdelerini gazyp almak hem-de oba hojalyk ekinlerini we miweli baglary ösdürip ýetişdirmek üçin peýdalanylar. Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň toparlary tarapyndan hödürlenilen teklipler Ýer meseleleri boýunça Döwlet toparynda seljerildi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, obasenagat toplumyny ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmek hem-de bu ulgamda onuň netijeliliginiň ýokarlanmagyna, dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň önümçilik möçberleriniň artmagyna, azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine we ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň pugtalanmagyna gönükdirilen özgertmeleri amala aşyrmak babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Milletiň LIderi döwlet edaralaryna we kärhanalaryna ýer böleklerini peýdalanmaga bermek hakyndaky Buýruga gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we resminamadan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň