Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow ýokanç keselleriň öňüni almak we garşysyna göreşmek baradaky Milli strategiýany tassyklady

23:0202.07.2021
0
7879

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow Hökümetiň 2-nji iýulda geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanynyň garamagyna «Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýany tassyklamak hakynda» Kararyň taslamasyny hödürledi. Bu resminama Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň beýleki ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak hem-de sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek maksady bilen taýýarlanyldy.

Milli strategiýanyň esasy maksady we wezipeleri ýokanç däl keselleriň öňüni almakdan we olaryň garşysyna göreşmekden, ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmekden, raýatlaryň saglyk baradaky habarlylygyny ýokarlandyrmakdan, näsaglary ýokary hilli derman hem-de beýleki lukmançylyk serişdeleri bilen üpjün etmekden ybaratdyr. Oňa laýyklykda, raýatlara ýokanç däl keselleriň öňüni almak üçin deň mümkinçilikler we şertler dörediler, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýänleriň sany artar. Bu bolsa zyýanly endikler sebäpli döreýän ýokanç däl keselleriň azalmagyna getirer, şeýle hem amaly lukmançylyga netijeli öňüni alyş, anyklaýyş, bejeriş we dikeldiş çäreleriniň ornaşdyrylmagy netijesinde adam ömrüniň dowamlylygy ýokarlanar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli saglygy goraýyş ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmeginiň geçirilýän durmuş ugurly syýasatyň ileri tutulýan ugrudygyny hem-de şeýle bolmagynda galýandygyny, onuň esasy maksadynyň bolsa ynsan saglygyny goramakdan ybaratdygyny belledi. Döwlet Baştutany Kararyň hödürlenilen taslamasyna gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de ýokanç däl keselleriň öňüni almak boýunça işleri netijeli ýola goýmak boýunça birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýa hem-de şu strategiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.

Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýany amala aşyrmak boýunça pudagara utgaşdyryjy topar döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

Degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine Milli strategiýanyň amala aşyrylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň