Soňky habarlar

Arhiw

AŞTU Büzmeýin etrabynda hem GPON maglumat geçiriş toruny gurnady

18:0103.07.2021
0
14130

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzyň ykdysadyýetini mundan beýläk hem pajarlap ösmegi üçin sanly ulgamlary giňden ornaşdymak we bu ugurdan dünýä tejribesini biziň ýurdumyzda özleşdirmek barada berýän anyk tabşyryklaryndan ugur alyp, AŞTU paýtagtymyzyň telekommunikasiýa infrastrukturasyny ösdürmekde optiki-süýümli, şol sanda GPON görnüşindäki maglumat geçiriş torlaryny gurmagyň gerimini ýaýbaňlandyrýar.

Aragatnaşyk operatorynyň resmi saýtynda hem habar berlişi ýaly, paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynda gurlup ulanmaga tabşyrylan, birinji tapgyrdaky 20 sany 4 gatly 32 öýli, jemi 640 sany hojalyga niýetlenen ýaşaýyş toplumda hem optiki kabelleriň üsti bilen bir bada 3 sany, ýagny telefon aragatnaşygy, Internet we IP telewideniýe hyzmatlaryndan peýdalanmak mümkinçiligi döredildi. Bu ýaşaýyş toplumda optiki kabeller gönüden göni müşderiniň öýüne girizilip, ol ýerde oturdylan ONT (optical networks terminal) müşderi terminallaryna birikdirildi.

Öň belläp geçişimiz ýaly, AŞTU tarapyndan ONT müşderi terminallary öýlerde muzdsuz şertlerde gurnalýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň