Aşgabatda ilkinji «Dolce Mia» italýan jelateriýasy açyldy

16:0603.07.2021
0
25226

Meşhur italýan sowuk desertleriniň tagamyny indi türkmenistanlylar hem dadyp bilerler. Golaýda “Berkarar” Söwda-dynç alyş merkezinde «Dolce Mia» ady bilen ilkinji jelateriýa işe başlady.

Täze kafeniň tagamlarynyň assortimentinde jelatonyň we sorbetleriň 22 sany dürli görnüşi müşderilere hödür edilýär. Olar Italiýada bu tagamlary taýýarlamak boýunça okuwlary üstünlikli geçen aşpezler tarapyndan taýýarlanýar.

Önümçiligiň tutuş özi, anyk aýdylanda, tagamlaryň ingrediýenti, taýýarlanyş usuly we enjamlar Italiýanyňkydyr.

Däp bolan buzgaýmakdan tapawutlylykda, jelato has dykyz bolmak bilen, ýaýylanda, oňa az mukdarda howa girýär. Italiýada jelato ýagly süýde gaýmak goşulman taýýarlanýar. Şunda süýdüň ýagy onuň düzüminiň 3,8 göterimini tutýar.

Aşgabadyň jelateriýasynyň tagamnamasynda siz nusgawy hem-de hemmeleriň halaýan buzgaýmaklaryny ýatladýan şokoladly, hozly, karamel tagamlylaryny, şeýle-de adaty bolmadyk – Vanilla Black (wanilli gara), Unicorn (ýedinorog miksli), Azzuro Bubbly (sakgyç) we başga-da köp görnüşlerini dadyp bilersiňiz.

Sorbetiň düzüminde welin, asla süýt ýok. Ony tutuşlygyna miwe pýuresinden taýýarlaýarlar. Bu desert iýmit siňdirişiňi gowulandyrýar we tagam biliş ukybyňy täzeleýär. Bu tagamyň dörän wagty bolsa, biziň eýýamymyzdan öňki VII asyra degişlidir. «Dolce Mia» kafesinden siz Arancio Rosso (gyzyl apelsin), Fragola (ýertudana), Melone (gawun), Lampone (malina), Mango (mango), Kiwi (kiwi) we Lemon (limon) tagamlylaryny hem dadyp bilersiňiz.

Bu ýerde beýleki desertler we içgiler, meselem, nusgawy italýan kofesi ýa-da çagalaryň göwnünden turjak milkşeýkler we limonadlar, şeýle-de italýan buzgaýmagynyň we gyzgyn espressonyň esasynda taýýarlanýan meşhur “affogato” atly içgi hem bar.

Nämäni sargyt etjekdigi hakda belli karar gelip bilmeýänler jelateriýada tagamlary dadyp görüp, göwnünden turan jelatony we sorbetleri saýlap bilerler.

Şeýle hem bu ýerde Aşgabat şäheri boýunça sargytlary eltip bermek hyzmaty hereket edýär.

“Berkarar” Söwda-dynç alyş merkezi häzirlikçe jelatony we sorbetleri dadyp görmek mümkin bolan ýeke-täk ýerdir, ýöne geljekde «Dolce Mia» öz işewürliginiň çägini giňeltmek hem-de däp bolan italýan sowuk desertleri hödür edilýän täze kafeleri açmagy meýilleşdirýär. Onuň tagamnamasy bilen Instagramdaky dolcemia_tm akkaunty arkaly tanyşmak mümkin.

«Dolce Mia» kafesiniň açylyş dabarasyndan fotosuratlary şu salgylanma boýunça synlap bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň