Soňky habarlar

Arhiw

«Röwşen» brendi aýakgaplaryna 1 aýlyk arzanladyş yglan edýär

16:3002.07.2021
0
20250
«Röwşen» brendi aýakgaplaryna 1 aýlyk arzanladyş yglan edýär

«Röwşen» brendli aýakgap kärhanasy ýakynda önümleriniň tomus kolleksiýasyny hödürledi we müşderileriniň gyzyklanmasyny has-da artdyrmak maksady bilen, 1 – 31-nji iýul aralygynda öndürýän aýakgaplarynyň ähli görnüşlerinde arzanladyş yglan etdi. Ozalkylaryna görä, arzan, ýokary hilli aýakgaplary kärhananyň ýurdumyzyň ähli sebitlerindäki dükanlaryndan ýa-da resmi saýtyndan satyn alyp boljakdygyny habar berýäris.

Arzanladyş diňe kärhananyň resmi dükanlarynda bolup, her gün 10 % möçberinde bolar. Her anna güni 1000 manat söwda edene 1 bil guşagy, 2000 manat söwda edene 200 manat, 4000 manat söwda edene 1 gapjyk sowgat berler. Aýakgaplaryň belli bir görnüşi boýunça söwda edilende 30-50 % möçberinde, okuwçy we talyp köwüşlerine bolsa 15 % arzanladyş bolar.

Arzanladyş kärhana degişli bolan Aşgabat şäherindäki «Gadamly aýakgap», Mary şäherindäki Ýeňşiň 50 ýyllygy we 40 ýyllyk köçeleriniň ugrunda ýerleşýän dükanlarynda geçiriler.

Goşmaça maglumatlary kärhananyň resmi web sahypasyndan alyp bilersiňiz.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň