«Tiztapal» internet söwda meýdançasynda bonus utuklarynyň toplanyş ulgamy işe girizildi

11:2802.07.2021
0
5147

«Tiztapal» onlaýn söwda meýdançasynda müşderiler bonus utuklaryny toplamak boýunça täze ulgamyň hyzmatyndan peýdalanyp bilerler. Bu täzeligi ulanmak üçin onuň “Sargyt” we “Iýmit” bölümlerinde haryt sargyt etmeli. Netijede her bir satyn alnan haryt üçin müşderiniň hasabyna bonus utuklary geçirilýär.

Bu utuklary bolsa “Market” bölüminden haryt satyn almak üçin harçlap bolýar. Eger “Market” bölüminde eden sargydyňyzyň nyrhy toplanan utuklaryň möçberine deň bolsa, siz sargydyňyzy mugt alyp bilersiňiz. Eger-de “Marketde” edilen sargydyň bahasy toplanan utuklaryň möçberinden köp bolsa, onda bu bölümde eden sargydyňyz üçin toplan utuklaryňyzyň möçberine laýyklykda, arzanlaşyk hödürlenilýär.

Utuklaryň siziň hasabyňyza geçirilmegi üçin «Tiztapal» söwda meýdançasynda bellige durmagyň gerekdigini ýatladýarys. Toplanan bonus utuklaryny harçlamak üçin bolsa, öz bellige alnan salgyňyz boýunça onuň “Market” bölümine girmeli (utuklaryň hasabyna haryt satyn almak diňe şu bölümde mümkin), islän harytlaryňyzy saýlamaly we ýörite gözenekde utuklaryň gerek möçberini ýazmaly.

Utuklary toplamagyň bu ulgamynyň artykmaçlygy, müşderiniň toplan utuklaryny öz saýlan harydy üçin sarp etmäge mümkinçiliginiň bolmagydyr, beýleki söwda meýdançalarynda welin, utuklaryňyza diňe kesgitlenen bir ýa-da birnäçe haryt satyn alyp bolýar.

“Market” bölüminde bonus utuklaryňyzyň hasabyna haryt saýlamak çäklendirilmedikdir, siz bu ýerde azyk harytlarydyr içgilerden başlap, senagat harytlaryna çenli, meselem, arassaçylyk serişdelerini, hojalyk harytlaryny we beýlekileri saýlap bilersiňiz. Utuklaryň bu toplanyş we sarp ediş ulgamy adaty dükanda söwda etmekden tapawutlylykda, has köp haryt satyn almaga mümkinçilik berýär hem-de sizi satyn alan harytlaryňyzy öýüňize alyp gaýtmagyň zähmetinden we beýleki aladalardan halas edýär. Ýagny «Tiztapal» onlaýn meýdançasynyň täze utuklar ulgamyndan peýdalanmak bilen, size haryt satyn almak üçin hiç ýere gitmek gerek bolmaz, munuň üstesine, utuklaryňyzyň hasabyna öz islän harydyňyzy edinip bilersiňiz.

«Tiztapal» meýdançasynda egin-eşik, arassaçylyk serişdeleri, tehnika, çagalar üçin harytlar ýaly halkyň sarp edýän önümleriniň giň görnüşlerini satyn almak mümkin, şeýle hem siz bu ýerde restoranlardan we kafelerden öýüňize tagam sargyt edip bilersiňiz.

«Tiztapalda» eýýäm paýtagtyň meşhur egin-eşik, gözellik serişdeleri, durmuş tehnikasy dükanlary, şeýle hem jemgyýetçilik iýmiti nokatlary öz harytlaryny hödürleýärler. Bularyň ählisi «Tiztapaly» iri onlaýn söwda merkezine öwürýär, onuň amatlylygyna bolsa, gürrüňsiz, hemmeler ýokary baha bererler.

«Tiztapal» onlaýn söwda meýdançasy ykjam telefonlarda hem elýeterlidir. Onuň goşmaçasyny App Store ýa-da Google Play arkaly eltelefonyňyza ýükläp bilersiňiz.

Utuklar ulgamy barada has anyk maglumat almak üçin şu salgylanma giriň.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň