Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow hemişelik ýaşaýan ýerini wagtlaýyn üýtgedýän raýatlaryň hasaba alynmagyna gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy

22:3801.07.2021
0
10366

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň şu gün geçirilen mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow içerki migrasiýa meseleleri barada durup geçdi.

Şunuň bilen baglylykda, Döwlet migrasiýa gullugynyň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda alyp barmagyň wajypdygyny belledi.

Döwlet Baştutany bu edaranyň ýolbaşçysy B.Öwezowa ýüzlenip, hemişelik ýaşaýan ýerinden başga ýere zähmet işini amala aşyrmak üçin ýa-da beýleki maksatlar bilen gidip, şol ýerde wagtlaýyn bolýan raýatlaryň bellige alynmagyna berk gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň