«LinkedIn»-iň näsazlygy 700 million ulanyjynyň hasabyan zeper ýetirdi

18:1301.07.2021
0
3856

«LinkedIn»-iň ulanyjylarynyň hemmesiniň diýen ýaly maglumatlary onlaýn satuwda görkezildi. Haker forumlaryndan biriniň ulanyjysy, meşhur platformanyň 700 million ulanyjysynyň maglumatyny satmak üçin goýdy.

Ýeri gelende aýtsak, häzirki wagtda platformanyň takmynan 756 million ulanyjysy bar. Ýagny hakerler «LinkedIn»-iň ulanyjylarynyň 92 göteriminiň hasaplaryna syzyp bildiler. Bu barada «ixbt. com» habar berýär.

Ogurlanan maglumatlaryň arasynda geolokasiýa ýazgylary, sahypa baglanyşyklary, şahsy we hünär tejribesi, beýleki sosial ulgamlardaky hasaplar bar. Haker 700 million ulanyjynyň maglumatlaryny 5000 dollara satýar.

Bu ogurlyk şol bir wagtda «LinkedIn» platformasynyň öz ulanyjylarynyň maglumatlaryny ygtybarly saklap bilmeýändigini görkezýär diýip, bilermenler belleýärler. Ulanyjylar bolsa özleri baradaky maglumatlaryň ygtybarlylygyny isleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň