Soňky habarlar

Arhiw

Ispaniýada peseta geçmişde galýar

15:3401.07.2021
0
3726

Ýewropa Bileleşiginiň umumy pul birligi bolan Ýewro Ispaniýada mundan 20 ýyldan gowrak ozal dolanyşyga girdi. Muňa garamazdan, köne banknotlary we şaýylyklary ulanyp ýören ispanlar hem kän.

Pandemiýa sebäpli olaryň alyş-çalyş möhleti 30-njy iýuna çenli uzaldyldy. Pesetalary çalşyp boljak iň soňky gün, banklaryň daşynda uzyn nobatlar düzüldi.

Resmi maglumatlara görä, dünýä boýunça adamlaryň elinde 1,5 milliard ýewrodan gowrak möçberde peseta saklanylýar. Hatda bu pullaryň agramly bölegi tekjelerde «öldürildi».

Ýeri gelende aýtsak, peseta Ispaniýada 1869-njy ýylda dolanyşyga girizildi we 2002-nji ýylda resmi taýdan ýewro bilen çalşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň