Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow ýurduň gallaçylaryny gazanylan zähmet üstünligi bilen gutlady

23:3330.06.2021
0
4146

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň gallaçylaryny gazanylan zähmet üstünligi bilen gutlady. Milletiň Lideriniň iberen Gutlagynda şeýle sözler bar:

«Hormatly hasyl ussatlary!
Merdana gallaçy babadaýhanlar!

Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda sahawatly türkmen topragyndan guşgursak ak bugdaýyň bol hasylyny öndürip, Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamaňyzy üstünlikli berjaý edendigiňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gallaçylyk pudagynda edermen gallaçylarymyzyň, ussat kärendeçilerimiziň, hususy önüm öndürijilerimiziň, mehanizatorlarymyzyň, alymlarymyzyň, bugdaý hasylyny ösdürip ýetişdirmekde we ýitgisiz ýygnap almakda uly işleri alyp barýan her bir adamyň agzybirlikli hem-de yhlasly çeken zähmeti netijesinde şeýle belent sepgide ýetildi.

Eziz Diýarymyzda sahawatly türkmen topragyndan ýurdumyzyň azyk bolçulygynyň kepili bolan guşgursak ak bugdaýyň bol hasylynyň öndürilmeginde gazanylan bu ajaýyp zähmet ýeňşinde welaýatlarymyzyň etraplaryndaky gallaçylyk hojalyklarynyň, hususy önüm öndürijileriň, öňdebaryjy gallaçy babadaýhanlaryň we ähli oba hojalyk işgärleriniň her biriniň bahasyna ýetip bolmajak mynasyp goşandy bardyr.

Biz babadaýhanlarymyzyň öndürijilikli zähmet çekmekleri, toprakdan bol hasyl öndürip, halal zähmeti bilen baýamaklary üçin ähli zerur şertleri döredýäris.

Edermen gallaçylar!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylynda bedew bady bilen okgunly öňe barýan eziz Diýarymyzda ykdysady, syýasy we medeni taýdan giň gerimli ösüşler gazanylýar.

Garaşsyz ýurdumyzyň ösüşleriň täze belentliklerine göterilýän häzirki döwründe oba hojalygyny ýokary depginler bilen ösdürmek we özgertmek, iň bir girdejili pudaklaryň birine öwürmek boýunça giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Türkmen daýhanyna döwletimiz tarapyndan öndürijilikli işlemäge, toprakdan bol hasyl öndürip, ýokary zähmet netijelerini gazanyp, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamaga ähli mümkinçilikler döredilýär.

Ýurdumyzyň oba hojalygyny düýpli özgertmekde, ýokary depginler bilen ösdürmekde, ene topragymyzyň berekedini artdyrmakda we gurplulygyny ýokarlandyrmakda netijeli işler amala aşyrylýar. Berkarar döwletimizde düýpli özgertmeleriň giň gerimler bilen durmuşa geçirilmegi, mähriban halkymyzyň döredijilikli zähmet çekmegi we eşretli durmuşda ýaşamagy üçin edilýän aladalaryň ählisi biziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş syýasatymyzyň ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly oba zähmetkeşleri!

Siz sahawatly türkmen topragyndan bugdaýyň, pagtanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny öndürmek ugrunda gujur-gaýratyňyzy gaýgyrman zähmet çekýärsiňiz. Siziň çekýän asylly zähmetiňiziň netijesinde, ata-babalarymyzyň bize miras goýan kämil daýhançylyk tejribesi häzirki döwrüň ekerançylyk usullary bilen utgaşdyrylyp, oba hojalygynyň beýleki ugurlary bilen bir hatarda, gallaçylyk pudagynda hem uly zähmet ýeňişleri gazanylýar.

Häzirki döwürde ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň oba hojalyk pudagyny has-da kämilleşdirmek, dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalaryny yzygiderli satyn almak, topragyň berekedini artdyrýan mineral dökünler bilen üpjün etmek hem-de ylmyň soňky gazananlaryny önümçilige giňden ornaşdyrmak arkaly ekinleriň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu işleriň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, ýerden bol hasyl almakda daýhanlarymyzyň gazanýan ýokary netijeleri bizi örän buýsandyrýar. Oba hojalygynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler oba hojalyk önümçiliginiň, şol sanda onuň gallaçylyk pudagynyň yzygiderli ösdürilmegine, şeýle hem oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna uly ýardam edýär.

Oba hojalygynda geçirilýän maksatnamalaýyn işleriň netijesinde, şu ýyl köp yhlas we zähmet siňdirilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny siziň iň soňky dänesine çenli zaýa etmän, doly ýygnap aljakdygyňyza hem-de täze ýylyň bol hasylynyň düýbüni şu günlerden mäkäm tutjakdygyňyza berk ynanýaryn.

Hormatly hasyl ussatlary!
Edermen gallaçy babadaýhanlar!

Men bereketli topragymyzda ak bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmekde tutanýerli zähmet çeken we ýokary netijeleri gazanan ussat gallaçylarymyzy hem-de oba hojalyk işgärlerimizi, şeýle hem ýetişdirilen bugdaý hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnap almakda hem-de ony ammarlara daşamakda yhlasly işlän kombaýnçylarymyzy, sürüjilerimizi we ähli watandaşlarymyzy gazanylan bu ajaýyp zähmet ýeňşi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, ata-babalarymyzyň şöhratly daýhançylyk däplerini dowam etdirip, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan asylly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň