Soňky habarlar

Arhiw

«Land Rover Defender 130» synag ýörişini amala aşyrdy

19:2530.06.2021
0
3975

«Land Rover» kompaniýasynyň geljek ýyl 130 teker bazasy görnüşi bilen «Defender» ulaglarynyň hataryny giňeltmegine garaşylýar. Täze ulagyň suratlary ilkinji gezek jemgyýetçilik torlarynyň birinde peýda boldy.

Täze ulag «Land Rover»-iň Ýorkorkşirdäki ştab-kwartirasynyň daş tarapynda surata düşürildi. Suratlardan çen tutsaň, täze awtoulagyň uzynlygy 5,1 metr bolar. Has takygy, ol «Defender 110»-dan 342, «Mersedes-Benz G-Class»-dan 227 millimetr uzyn bolar. Sekiz orunlyk ulag 360 at güýjüne eýe 3 litrlik benzinli hereketlendiriji we 48 woltlyk başlangyç generator bilen üpjün ediler.

Täze ulagyň satuwyna 2022-nji ýylda garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň