Pekinde Hytaý Kommunstik partiýasynyň 100 ýyllygy bellenilýär

19:1930.06.2021
0
3572

Pekiniň «Guş höwürtgesi» milli stasionynda Hytaý Kommunistik partiýasynyň döredilmeginiň 100 ýyllygy mynasybetli «Uly syýahat 1921 ― 2021» atly teatrlaşdyrylan çäre geçirildi.

Bu çärä Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, ýurduň beýleki esasy partiýa we döwlet işgärleri gatnaşdy.

Dabaraly çärede tans we aýdym toparlarynyň çykyşlaryna tomaşa edildi, ýyl ýazgylarynyň görkezilişi we soňky ýyllaryň, hususan-da koronawirusa garşy göreşe bagyşlanan suratlar, şeýle hem baýramçylyk feýerwerkleri guraldy.

«Euronews»-yň habaryna görä, ýurduň dürli şäherlerinde meýilleşdirilýän dabaralar 1-nji iýula çenli dowam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň